«Pari Sen-Žermen» we «Arsenal» toparlary UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/26-njy ýyllardaky möwsüminiň finalynda özara duşuşarlar. Oýun 30-njy maýda Budapeştdäki «Puşkaş Arena» stadionynda geçiriler. Türkmenistanda bu duşuşygy «Belet» platformasy göni ýaýlymda görkezer. Ýaýlyma görkeziliş Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar
«PSŽ» ýaryşyň häzirki çempiony hökmünde çykyş edýär — geçen möwsümdäki finalda parižliler «Interi» 5:0 hasabynda utup, klubuň taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanypdylar. Indi Luis Enrikeniň şägirtleri «Realdan» soň çempionlyk derejesini gorap saklamagy başaran ilkinji klub bolup bilerler. Madridliler muny yzly-yzyna iki gezek — 2016/17-nji we 2017/18-nji ýyllaryň möwsümlerinde başarypdylar.
«Arsenal» üçin bolsa bu oýun 2005/06-njy ýyllaryň möwsüminden bäri ýaryşyň ilkinji finalydyr. «Topçular» tutuş möwsümi ýekeje gezek hem utulman geçirdiler we «Atletiko», «Bawariýa» hem-de «Inter» toparlarynyň üstünden ajaýyp ýeňişleri gazandylar. Mikel Artetanyň topary goragdaky ynamly oýny bilen tapawutlandy: topar dokuz oýunda derwezesine gol goýbermedi, toparlaýyn tapgyrda bolsa bary-ýogy dört gol geçirtdi.
Öz gezeginde, «PSŽ» ýaryşyň iň güýçli hüjüme eýe toparyna öwrüldi — fransuz kluby häzirki möwsümde 44 gol urdy, olaryň 23-si bolsa pleý-off tapgyryna degişlidir. Gruziýaly winger Hwiça Kwarasheliýa öz adyna 10 gol we 6 golly pasy ýazdyryp, toparyň liderleriniň biri boldy.
Toparlar geçen möwsümiň ýarym finalynda hem duşuşypdylar — şonda «PSŽ» iki oýnuň netijesi boýunça 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Bu iki klubuň arasyndaky bäsdeşligiň bütin taryhynda jemi bäş duşuşyk geçirildi.
Finalyň öňüsyrasynda taraplaryň ikisinde hem düzüm boýunça kynçylyklar bar. «PSŽ-de» şikesi sebäpli, goragçy Aşraf Hakiminiň meýdança çykmagy sorag astynda dur, hüjümçi Usman Dembele bolsa dyzyndan alan şikesinden soň dikeldiş işlerini geçýär. «Arsenal» goragçy Ben Uaýtyň hyzmatyndan anyk peýdalanyp bilmez, Noni Maduekanyň we Ýurrien Timberiň oýna gatnaşmagy bolsa entek nämälimligine galýar.