«Maksatly Türkmen» kompaniýasy Türkmenistanyň yssy howa şertlerine laýyklaşdyrylan penjire we gapy ulgamlarynyň önümçiligini giňeltdi. Ýokary ýylylyk izolýasiýasyna eýe bolan bu gurluşlar gyzgyn howanyň jaýlara aralaşmagynyň öňüni alyp, içerde amatly temperaturany saklamaga hem-de sowadyjy enjamlara düşýän agramy azaltmaga mümkinçilik berýär.

Energiýa tygşytlaýjy çözgütler tomsuň jöwzaly günlerinde hususy ýaşaýyş jaýlary we kottejler üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Kärhana müşderilere gün şöhlesini yzyna serpikdirýän ýörite örtükli panoramaly penjireleri, süýşürilip açylýan we çarçuwasyz gurluşlary, şeýle-de dürli görnüşli gapylary hödürleýär.
Mundan başga-da, ýokary temperatura has köp sezewar bolýan açyk meýdançalar — eýwanlar, terassalar we bassyrmalar üçin aýna örtük ulgamlaryna aýratyn üns berilýär.

Kärhananyň hünärmenleri islendik çylşyrymlylykdaky şahsy taslamalary, şol sanda adaty bolmadyk görnüşleri we ölçegleri işläp taýýarlaýarlar. Kompaniýa taslamalaşdyrmakdan başlap, ýokary hilli materiallary we enjamlary ulanmak arkaly hünär derejeli gurnama işlerine çenli ähli hyzmatlary öz içine alýan doly önümçilik tapgyryny üpjün edýär.
«Maksatly Türkmen» kompaniýasynyň ofisi Aşgabat şäheriniň G. Kulyýew köçesiniň 28-nji jaýynda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33.
Kompaniýanyň hyzmatlary barada has giňişleýin maglumatlary onuň sosial ulgamlardaky resmi sahypalaryndan alyp bolýar.
