Turkmenportal logo
Şu gün 10:58
44354435
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rekord yssy Angliýada müňlerçe öýi suwsuz goýdy
Surat: belta.by

Angliýanyň günorta-gündogarynda müňlerçe öý görülmedik yssy we ýazyň gurak gelmegi netijesinde suw üpjünçiligindäki bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz galdy. Bu barada «Reuters» agentligi habar berdi.

Habarlar gullugy suw kynçylygyny 20 müňden gowrak adamyň, şol sanda kenarýaka Uitsteýbl şäherjiginiň 8 müň töweregi ýaşaýjysynyň başdan geçirýändigini ýazýar. Adamlar suw üçin nobata durýarlar.

Daşky gurşawy goramak boýunça agentligiň maglumatlaryna laýyklykda, yssy howa suwuň köp sarp edilmegine getirdi, martda we aprelde ygalyň az ýagmagy bolsa, suw howdanlaryna goşmaça agram saldy.

Soňky ýylllarda Beýik Britaniýada hususylaşdyrylan kompaniýalar tarapyndan suw üpjünçilik ulgamlaryna ýeterlik maýa goýulmaýandygyndan nägilelik artýar diýlip, habarda bellenýär.