Turkmenportal logo
Şu gün 10:07
46724672
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanly 31 ýurtdan kagyz bulgurlary toplap, Ginnesiň kitabyna girdi
Surat: mir24.tv

Hindistanyň ýaşaýjysy Sunil Jozef dünýäniň 31 ýurdunda öndürilýän 858 sany kagyz stakanlary toplap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Toplaýjylyk bilen ol çagalykdan gyzyklanyp başlady: markalary, teňňeleri we otluçöp gutularyna ýelmenen ýarlyklary toplady. Soňra Sunil adaty bolmadyk zatlara geçdi:  uçar peteklerini, çaý paketjiklerini we kofe bulgurlaryny ýygnady.

Jozef öň hem telefon kartlarynyň toplumynyň arkasyndan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi, 2014-nji ýylda olaryň 6 müňe golaýyny toplady. Häzir hindistanlynyň bu güýmenjesini dostlarydyr dogan-garyndaşlary hem işjeň goldaýarlar, oňa dürli ýurtlardan kagyz bulgurjyklary getirip berýärler.

Jozef indi täze rekord goýmakçy, ýagny toý çakylyklarynyň iri kolleksiýasyny ýygnap, Ginnesiň kitabyna girmekçi diýip, «UPI» neşiri ýazýar.