Turkmenportal logo
Şu gün 09:34
50995099
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky rus drama teatry «Melihowo bahary» festiwalyna gatnaşdy

Aşgabadyň A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary 22–31-nji maý aralygynda geçirilýän XXVI Halkara «Melihowo bahary» teatr festiwalynyň çäklerinde Podolsk drama teatrynyň sahnasynda «Çehowyň wodewilleri» atly spektakly hödürledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Baýram Garajaýewiň sahnalaşdyran bu spektakly 2024-nji ýylda teatryň repertuaryna girizilip, ol ýazyjynyň giň okyjylar köpçüligine kän bir mälim bolmadyk «Öküz çemenligi», «Aýy» we «Ýubileý» atly üç pýesasynyň esasynda goýuldy.

Sahnada ýazyjynyň öz keşbi hem janlandyrylýar. Režissýoryň döredijilik çözgüdine laýyklykda, sahna hereketleriniň aralyklary Anton Çehowyň gündeliklerinden we şahsy hatlaryndan alnan publisistik mazmunly parçalar bilen doldurylýar.

Aşgabadyň A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry festiwalyň ýadygärlik diplomyna mynasyp boldy.

«Melihowo bahary» festiwaly Moskwa sebitiniň iň gözel hem-de taryhy ähmiýetli ýerleriniň biri bolan Anton Pawlowiç Çehowyň «Melihowo» döwlet edebiýat we ýadygärlik muzeý-goraghanasynda geçirilýär. Meşhur ýazyjy hut şu mülkde öz ömrüniň döredijilik taýdan örän netijeli geçen ýedi ýylyny ýaşap, 40-dan gowrak meşhur eserini döredipdi.

Şu ýyl festiwalyň on günlük maksatnamasy Çehowyň eserleriniň esasynda ýa-da onuň ömri we döredijiligi barada sahnalaşdyrylan 26 spektakly özünde jemledi — diýlip, neşirde bellenilýär.