Turkmenportal logo
Şu gün 08:36
38643864
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Raşid Meredow we Marko Rubio türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň möhümdigini nygtadylar.

Söwda-ykdysady, energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Taraplar energetika howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň iberiliş ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini hem öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem duşuşykda sebit howpsuzlygy, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, şeýle hem köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda «C5+1» platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine-de garaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.