Turkmenportal logo
Şu gün 00:51
59545954
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Haj parzyny berjaý edýän türkmenistanlylar mukaddes topraklarda gurbanlyk sadakasyny berdiler

Mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde türkmenistanlylaryň müňlerçesi yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat edip haj parzlaryny berjaý edýärler. Şunuň bilen baglylykda, şu günler haj parzyny berjaý edýän türkmenistanlylar keramatly toprakda gurbanlyk sadakasyny berdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Saud Arabystany Patyşalygynda zyýaratda bolýan türkmenistanlylar berlen berlen sadakalarda halkyň bagtyýar durmuşynyň, ýurduň abadançylygynyň pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli tagallalar edýän Gahryman hajy Arkadaga, Arkadagly Gahryman hajy Serdara alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem sadakada türkmen halkynyň milli tagamlary taýýarlanyp, hödür-kerem edildi. Sadakaň dowamynda okalan aýat-töwirlerde mukaddes Gurban aýynda berlen sadakalaryň, edilen zyýaratlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.