Turkmenportal logo
Düýn 15:36
78797879
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp öz keşbi ýerleşdirilen 250 dollarlyk kagyz pul çykarmakçy
Surat: ru.euronews.com

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň edarasy ýurduň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna gabatlap, hümmeti 250 dollar bolan kagyz pul dolanyşyga goýbermekçi, onda häzirki döwlet Baştutanynyň portreti ýerleşdiriler. Bu barada «The Independent» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

Emma bu başlangyç ähli edaralar tarapyndan goldanyp barylmaýar, sebäbi federal kanuna görä, pullarda diňe merhum adamlaryň keşpleri ýerleşdirilmelidir diýlip, habarda bellenýär. Mysal üçin, ABŞ-nyň hökümeti üçin dürli gymmatly kagyzlary işläp düzmek we ulanyşa goýbermek boýunça haşam we çap edarasynyň öňki direktory Larri R.Feliks 250 dollarlyk banknotyň Kongresiň ygtyýarnamasy bolmasa, çap edilip bilinmejekdigini aýdýar.

Neşir şeýle hem täze kagyz puly çykarmak üçin altydan sekiz ýyla çenli wagt gerekdigini ýazýar.