Turkmenportal logo
Düýn 14:48
56815681
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zehinli bäsleşigiň» ilkinji hepdelik tapgyrynyň jemleri jemlendi

21-nji maýda badalga alan «Zehinli bäsleşik» atly interaktiw bäsleşigiň nobatdaky hepdelik tapgyrynyň jemleri jemlendi. Bilim bäsleşigine gatnaşýanlar öz zehinlerini synap, işjeň gatnaşandyklary we sowallara dogry jogap berendikleri üçin gymmat bahaly sowgatlara eýe bolýarlar.

Bäsleşigi guraýjylar hepdelik tapgyryň ýeňijilerini yglan edip, taslamanyň işe girizilen gününden bäri gatnaşyjylar üçin hepdelik we aýlyk baýrakly utuşlaryň yzygiderli geçirilýändigini ýene-de bir gezek ýatlatdylar.

Hepdelik tapgyryň jemleri boýunça birinji orny eýelän gatnaşyja elektrik çäýnek sowgat berildi. Ikinjiden dokuzynjy orna çenli ýerleri eýelän gatnaşyjylar ýorganlar bilen sylaglandylar. Onunjy — on dördünji orunlary eýelänlere Isleg TV-niň sowgatlyk kartlary gowşuryldy. On bäşinji — ýigriminji orunlary eýelän gatnaşyjylar bolsa ýadygärlik bulgurlaryna mynasyp boldular.

Ýeňijileri kesgitlemegiň esasy ölçegi dogry jogaplaryň sany bolup galýar. Gatnaşyjy näçe köp sowala dogry jogap berse, onuň hepdelik ýa-da aýlyk utuşlaryň ýeňijisi bolmak mümkinçiligi şonça-da artýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ulanyjylar «Zehinli bäsleşik» ykjam goşundysyny iň soňky görnüşine çenli täzelemelidirler. Goşundy arkaly täze tabşyryklar, häzirki baýraklar baradaky maglumatlar we bäsleşigiň ähli mümkinçilikleri elýeterlidir.

Aň-paýhas bäsleşigine gatnaşmak mümkinçiligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň abunaçylary üçin açykdyr. Goşundyny Google Play we App Store platformalaryndan mugt ýükläp bolýar.

Žurnala ýazylmak üçin abuna.yashlar.gov.tm resmi internet sahypasyndan ýa-da «Arkadagly Ýaşlar e-žurnaly» ykjam goşundysyndan peýdalanyp bolýar. Ulanyjylaryň hasaba alynmagy ykjam telefon belgisi we bir gezeklik tassyklama kody arkaly amala aşyrylýar.

Bäsleşigi guraýjylar ýeňijileriň sanawyny aşakda ýerleşdirilen suratda çap etdiler.