«Belet» striming platformasy türkmen boksçy Hursant Imangulyýewiň WBC Eurasia çempionlyk guşagy ugrunda geçirjek tutluşygyny göni ýaýlymda görkezer. Söweş 29-njy maýda Daşkent şäherindäki «Humo Arena» sport toplumynda geçiriljek WBC Eurasia Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde bolar. Göni ýaýlym Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.
Türkmen türgeniniň garşydaşy Tanzaniýadan bolan boksçy Adam Daça bolar. Onuň ussatlar derejesindäki rekordynda 8 ýeňiş, 1 ýeňliş we 1 deňme-deň netije bar. Tutluşyk ýarym orta agram derejesinde (69,8 kilograma çenli) geçiriler.
Hursant Imangulyýew halkara derejeli sport ussady hem-de Türkmenistanyň 10 gezek çempionydyr. Ol dünýä çempionatlarynda we Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň abraýyny üstünlikli gorady. Türgen 2017-nji ýylda Yslam raýdaşlyk oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, 2018-nji ýylda bolsa Polşada geçirilen Feliks Ştamm adyndaky XXXV halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Öňde boljak bu tutluşyk Imangulyýewiň ussatlar derejesindäki ilkinji çempionlyk söweşi bolar.
World Boxing Council (WBC) 1963-nji ýylda döredilen we dünýäniň öňdebaryjy dört boks guramasynyň biri hasaplanýar. WBC Eurasia guşagy guramanyň resmi reýting ulgamyna girýän sebit çempionlyk derejesidir.