Döwlet Baştutanlary we Hökümet ýolbaşçylary Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny iberdiler. Bu barada TDH habar berýär.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň gutlagynda: «Gurban baýramy hoşniýetliligi, yslam dinini dabaralandyrýan, musulman ymmatyny parahatçylyga, raýdaşlyga hem-de özara düşünişmäge çagyrýan beýik baýramdyr. Goý, ähli musulman dünýäsi üçin bu mukaddes baýramda biziň jebisligimiz we ruhy bitewüligimiz has-da pugtalansyn!
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size bagtyýarlyk we jogapkärli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin! Gurban baýramyňyz gutly bolsun!» diýilýär.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bolsa öz gutlagynda: «Musulmanlaryň ruhy jebisliginiň, raýdaşlygynyň we doganlygynyň nyşany bolan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny öz adymdan hem-de Azerbaýjanyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Bu mübärek baýram günlerinde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin» diýip belleýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbun, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum mukaddes Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan edýärler.