Turkmenportal logo
Şu gün 10:31
36383638
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada pikir alyşdylar

Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, HKP MK-nyň Daşary işler boýunça komissiýasynyň kanselýariýasynyň ýolbaşçysy, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hytaýly kärdeşini BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk çekişmeleriniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Hytaý tarapy bu çärä gatnaşandygy üçin türkmen wekiliýetine minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösüşiniň we özara ynamy pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygy nygtaldy.

Taraplar syýasy özara düşünişmegiň we ynamyň ýokary derejesini, şeýle hem dürli ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga, aýratyn-da gaz pudagyna aýratyn üns berildi. Şol sanda bilelikdäki taslamalary mundan beýläk ilerletmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem söwda-ykdysady, innowasion-tehnologik hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi gözden geçirildi.

Türkmenistanyň we Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň ýokary netijeliligi aýratyn nygtaldy. Taraplar halkara meýdançalarda özara utgaşyklygy mundan beýläk-de berkitmäge, şeýle hem iki ýurduň başlangyçlaryny we tekliplerini özara goldamaga taýýardyklaryny bellediler.

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada pikir alyşdylar | Turkmenportal.com