Turkmenportal logo
28.05.26
1423514235
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TDBSI-de hünär ýokarlandyryş okuwlaryny üstünlikli tamamlanlara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi
Surat: tdbsi.edu.tm

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň (TDBSI) sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetinde halkara derejeli hünär ýokarlandyryş okuwlaryny üstünlikli tamamlan professor-mugallymlara hem-de talyp ýaşlara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Şu ugurda 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan – 20-nji maýyna çenli Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigi bilen Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda sanly ulgam arkaly hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçirildi. Alym-lektor, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor, akademik Wladimir Platonowyň alyp baran «Häzirki zaman ýokary netijeler sporty: meseleler we geljekki mümkinçilikler» atly 72 sagatlyk okuw maksatnamasy üstünlikli tamamlandy. Okuwlaryň netijesinde oňa gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar gowşuryldy diýlip, TDBSI-niň saýtynda habar berilýär.

Bu halkara taslama Gazagystandan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de Russiýadan 270-den gowrak mugallymlary, tälimçileri we hünärmenleri bir ýere jemledi. Taslamanyň esasy maksady ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem ylmy-amaly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň tejribeli 22 mugallymy bu halkara taslama işjeň gatnaşyp, öz hünär mümkinçiliklerini has-da giňeltdiler.

Şeýle hem 2026-njy ýylyň fewral — maý aýlarynda Milli talyplar sport federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan Türkmenistanyň Talyplar ligasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hyzmatdaşlygynda ýaş eminleri ýüze çykarmak we taýýarlamak boýunça ýörite maksatnama durmuşa geçirildi. Maksatnamany üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara hem dabaraly ýagdaýda şahadatnamalar gowşuryldy.