Mary welaýatynyň daýhanlary şu günler jogapkärli möwsüme — galla oragyna işjeň taýýarlyk görýärler. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, geçen ýylyň güýzinde welaýatda «Ýolöten-3», «Ýolöten-1», «Alekseýiç», «Bezostaýa-100», «Batko» we «Kalin» görnüşli bugdaý tohumlary saýlanyp alnyp, 170 müň gektar meýdanda ekiş geçirildi.
Sebitiň gallaçy daýhanlary şu ýyl döwlete 345 müň tonna ýokary hilli bugdaý tabşyrmagy maksat edinýärler. «Marygallaönümleri» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň bellemegine görä, ekerançylyk meýdanlarynyň her gektaryndan ortaça 20–25 sentner hasyl almak göz öňünde tutulýar.
Orak möwsüminde welaýatyň meýdanlarynda ýokary öndürijilikli 346 sany galla orujy kombaýn işe giriziler.
Hasyly bökdençsiz kabul etmek we ygtybarly saklamak maksady bilen, «Marygallaönümleri» önümçilik birleşigi tarapyndan kuwwatly elewatorlar, ammarlar, bassyrmalar we däne kabul ediş kärhanalarynyň açyk meýdançalary doly taýýarlanyldy. Welaýatda galla oragy möwsümi üçin 45 sany däne kabul ediş nokady we harmanhanalar döredildi.
Bugdaý hasylyny daşamak işlerine «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň 1 müň 730 sany ýük awtoulagy, şeýle hem hususy ulag serişdeleri çekiler. Hasylyň hiline gözegçiligi degişli kärhanalaryň barlaghanalarynyň hünärmenleri üpjün eder.
Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli tabşyrygyna laýyklykda, galla oragy möwsümi Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda başlanar.