Turkmenportal logo
Düýn 23:58
59585958
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Nýu-Ýorka amala aşyrylan saparyň çäklerinde, 26-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we dürli ugurlar boýunça ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Syýasy-diplomatik dialogy pugtalandyrmaga, ýokary we iň ýokary derejedäki gatnaşyklary hem-de saparlary işjeňleşdirmäge, şeýle hem özara duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de dürli halkara düzümlerinde iki ýurduň ýokary derejedäki özara goldawyny nygtadylar.

Geljekde geçiriljek ýokary derejeli halkara çäreleriniň taýýarlygyna, şeýle hem sebit we halkara meýdançalaryndaky bilelikdäki işleri mundan beýläk-de utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.