Turkmenportal logo
Düýn 23:49
70247024
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ozal habar berşimiz ýaly, häzirki döwrüň nusgalyk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň 30 müň orunlyk metjidiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine bardy.  

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, hajy Arkadaga häzirki döwürde täze şäherde gurulýan metjidiň gurluşyk işleriniň depgini, onuň içki bezeg aýratynlyklary, gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada maglumat berildi. Şeýle hem Gahryman Arkadag şekil taslamalary bilen tanyşdyryldy. Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda metjidiň içki ýyladyş ulgamynyň, onuň namazlyklarynyň görnüşleri, kaşaň binanyň diwarlarynda ýerleşdiriljek ýazgylar, minaralaryň özboluşlylygy, mermer düşekleriň we metjidiň haly düşekleriniň görnüşleri hem-de mukaddes binanyň mährabynyň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň, şunda metjidiň gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, hajy Arkadag kesgitlenen ähli işleriň öz wagtynda tamamlanmagynyň wajypdygyny aýtdy we bu babatda özüniň öwüt nesihatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi | Turkmenportal.com