Turkmenportal logo
Düýn 18:18
44664466
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa gyzýar

Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde maý aýynda rekord derejede yssy howa hasaba alyndy diýip, EFE agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Mysal üçin, Irlandiýanyň Karlou şäherinde termometrleriň sütünjigi +29,7ºС çenli ýokarlandy, bu bolsa ýurtda howa synlamalaryň tutuş taryhynda iň ýokary görkezijidir. Ýerli meteorologik gulluklar şu günüň agşamyna çenli saglyga howply we ýangyn dörediji ýokary (sary) howa derejesini yglan etdiler.

Belgiýada düýn howa 40 ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek +29,8ºС ýetdi. Öňki, 1985-nji ýylda hasaba alnan rekord +29,1ºС düzüpdi.

Londonda howa +35ºС çenli gyzdy. Öňki rekord (+32,8ºС) 1922-nji ýyldan bäri saklanyp gelýärdi.

Adatdan daşary jokrama yssy Fransiýa hem ýetdi. Ýerli sinoptikler golaý günlerde ýagdaýyň gowulaşmajakdygyny çaklaýarlar, ýurduň käbir etraplarynda howanyň +39ºС çenli gyzmagyna garaşylýar.