Turkmenportal logo
Düýn 17:29
74507450
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nýu-Ýorkda Awaza syýasy Jarnamasyny durmuşa geçirmegiň amaly mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy

26-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rarab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapynyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Dostlar toparynyň bilelikdäki başlygy hökmünde bu döwletler toparynyň bähbitlerini ilerletmäge, olaryň halkara goldawyny pugtalandyrmaga hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amaly mehanizmlerini giňeltmäge mundan beýläk hem işjeň ýardam etjekdigi bellenildi.

Taraplar 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň we Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegine LLDC kategoriýasyna degişli ýurtlaryň bähbitlerini ilerletmekde, şeýle hem durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm tapgyr hökmünde aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar bu resminamalary durmuşa geçirmegiň amaly mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar LLDC ýurtlarynyň bähbitleri üçin daşky gurşawy goramak gün tertibi, durnukly energetika, suw diplomatiýasy, sanlylaşdyrma we aýlawly ykdysadyýete geçiş ýaly esasy ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler diýlip, daşary syýasat edarasynyň habarynda bellenilýär.

Nýu-Ýorkda Awaza syýasy Jarnamasyny durmuşa geçirmegiň amaly mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy | Turkmenportal.com