Turkmenportal logo
Düýn 15:40
70107010
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Nýu-Ýorka sapary başlandy

26-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçiriljek «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary başlandy. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, çäräniň we saparyň çäklerinde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny saklamak, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda BMG-niň ornuny berkitmek bilen baglanyşykly halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.