Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda R.Bazarow çykyş edip, Ýaşulular geňeşiniň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň işleriň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirýändigini belledi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Düzgünnama laýyklykda, Ýaşulular geňeşi Gahryman Arkadagyň başlyklyk etmeginde hereket edýär. Geňeşiň düzümi Milli Lideriň Karary bilen tassyklanylýar hem-de oňa degişli üýtgetmeler girizilýär. Bu barada aýtmak bilen, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy häzirki wagtda ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde Karar bilen bellenen Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň bardygyny belläp, Arkadag şäherine hem mynasyp wekilçilik etjek ýaşuly agzalar barada Gahryman Arkadagdan öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahal welaýatyna wekilçilik edýän Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy K.Täşliýewiň, şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäherine hem wekilçilik edýändigini aýdyp, özüniň hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçysy hökmünde Arkadag şäherine wekilçilik etjekdigini belledi.
Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň wekili K.Täşliýew Ahal welaýaty boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna 2025-nji ýylyň 19-njy awgustynda saýlanylypdy.