Turkmenportal logo
Düýn 13:12
58505850
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Syýahatçy zenany kenardan 40 kilogram çäge ogurlandygy üçin sakladylar
Surat: dzen.ru

Italiýanyň Sardiniýa adasynda fransiýaly syýahatçy zenany suwa düşülýän kenardan 40 kilogram çäge hem-de balykgulak äkitmäge synanyşygy üçin tussag etdiler diýip, «Blue News» portalyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

69 ýaşly zenany bikanun ýüki bilen Tulona çenli paroma münýärkä, gümrük gullugynyň işgärleri sakladylar. Zenanyň çägäni, daşlary we balukgulaklary Sardiniýanyň demirgazygyndaky Le-Salin diýilýän suwa düşülýän kenardan ýygnandygy anyklandy. Bu bolsa, sebit kanuny boýunça gadagan edilen diýlip habarda bellenýär. Indi zenana 500-den üç müň ýewro çenli jerime garaşýar, alnan çäge bolsa, suwa düşülýän ýere gaýtarylar.

Kenardan çägedir daşjagazlaryň aýratyn hem syýahatçylar tarapyndan ogurlanmagy Sardiniýada çynlakaý mesele bolmagynda galýar. Adadan syýahatçylar her ýyl ýadygärlik üçin çägedir daşjagazlary ýanlary bilen äkidýärler. Ýokary jerimeler munuň öňüni almak üçin bellenendir.

Syýahatçylaryň köpüsi jerimelere geň galýarlar, sebäbi göräýmäge, kenardan çäge almak hiç hili gabahat iş däl diýip, olar aýdýarlar. Emma bu adanyň ejiz kenar ulgamy üçin çynlakaý ekologik howp döredýär diýip, ýerli häkimiýetler belleýärler.