Turkmenportal logo
Düýn 12:43
45884588
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wan I: Hytaý şu güýzde ählumumy dolandyryş boýunça forumy kabul edýär
Surat: tass.ru

Hytaý şu güýzde Hebeý ülkesiniň täze Sýunan etrabynda ählumumy dolandyryş boýunça forumy kabul edýär. Bu barada HKP-niň MK-synyň Syýasy edarasynyň agzasy, daşary işler ministri Wan I habar berdi diýip, ýurduň «Sinhua» agentligi ýazýar.

HHR-iň DIM-niň başlygy Hytaýyň dünýäniň ähli ýerinden ählumumy dolandyryş boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dostlary bilen duşuşmaga sabyrsyz garaşýandygyny nygtady.

Onuň sözlerine halkara ýagdaýynyň nähili üýtgeýändigine garamazdan, Hytaý hemişe Birleşen Milletler Guramasynyň üýtgewsiz goragçysy, multilateralizmiň (halkara gatnaşyklara we daşary syýasata köptaraplaýyn çemeleşmäniň) hem-de ählumumy dolandyryşyň işjeň tarapdary bolmagynda galar.