«Toyota-nyň» Türkmenistandaky resmi hyzmat merkezi — «Toyota Garagum Ulag» awtoulaglaryň eýeleri üçin tomusky hyzmat möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi. Müşderilere 10 sany esasy görkeziji boýunça toplumlaýyn anyklaýyş-seljeriş barlagyndan geçmek we hyzmat merkezine indiki gezek geljek sapary üçin 450 manat möçberindäki wauçeri sowgat almak mümkinçiligi hödürlenýär. Wauçer 30-njy sentýabra çenli güýjüni saklar.
Möwsümleýin teklibiň çäklerinde merkeziň hünärmenleri awtoulagyň yssy döwürde howpsuzlygyna we oňaýlylygyna täsir edýän esasy ulgamlaryny barlaýarlar. Hyzmat yşyklandyryş ulgamynyň, akkumulýator batareýasynyň, aýna süpürijiniň çotgalarynyň, tormoz ulgamynyň, motor ýagynyň ýagdaýynyň, tekerleriň, howa süzgüçleriniň, hereketlendiriji kemerleriň, motoryň sowadyş ulgamynyň, şeýle hem kondisioner we ýyladyş ulgamlarynyň barlagyny öz içine alýar.

Mundan başga-da, müşderiler üçin «BG Frigi-Clean» hyzmaty — tomus döwründe ulagyň howa çalşyş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga niýetlenen kondisioner ulgamyny professional taýdan arassalamak hyzmaty üçin 50% arzanladyş hereket edýär.
Kompaniýada bellemeklerine görä, öz wagtynda geçirilen möwsümleýin anyklaýyş işleri tehniki näsazlyklaryň ýüze çykmak howpuny azaltmaga we ýokary temperatura şertlerinde awtoulagyň oňaýly ulanylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.