Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginde başlyklyk geljek 2027-nji ýylda Gyrgyzystana geçer. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriş Uşakow habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlyklyk Gyrgyzystana geçýär» diýip, Uşakow rus lideriniň guramanyň Gazagystanda geçjek çäresine saparynyň öňüsyrasynda aýtdy.