Turkmenportal logo
Düýn 01:37
80638063
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alp Arslan Begenjow Wýetnamda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Türkmenistanly türgen Alp Arslan Begenjow Wýetnamyň Da Nang şäherinde geçirilýän erkin göreş boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda çykyş edip, 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy.

86 kilograma çenli agram derejesinde turnire gatnaşan türkmen pälwany finalda gazagystanly Abylaýhan Uzembaýewiň üstünden 10:0 hasabynda wagtyndan öň arassa ýeňiş gazanyp, tehniki artykmaçlygy (VSU) boýunça bäsdeşini ýeňmegi başardy. Bu agram derejesinde bürünç medallara hindistanly Mor Saçin we Koreýa Respublikasynyň wekili Tebin Kim mynasyp boldular.

Bu ýeňiş Alp Arslan üçin ýaşlaryň arasyndaky yklym derejeli ýaryşlaryň çäklerindäki nobatdaky üstünlik boldy. Mundan ozal türgen 2025-nji ýylda Wungtau şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda kümüş medala (79 kg), şeýle hem şu ýyl Bişkekde geçirilen ulularyň arasyndaky Aziýa çempionatynda bürünç medala (86 kg) mynasyp boldy. Ýeri gelende bellesek, ol ulularyň arasynda erkin göreş boýunça yklym birinjiliginde baýrakly orny eýelän ilkinji türkmen türgeni hökmünde türkmen türgeni hökmünde taryha girdi.

Ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionaty 23-nji maý — 1-nji iýun aralygynda Da Nang şäheriniň «Tien Son» sport desgasynda geçirilýär. Oňa Aziýanyň 25 ýurdundan we sebitinden 900-e golaý türgen gatnaşýar.