Turkmenportal logo
26.05.26
1359013590
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GDA-ly kinoçylaryň täze filminde türkmen aktýory Döwletgeldi Berdiýew surata düşýär
Surat: Surat: dzen.ru

Belarusda «Belentlik» diýen çeper film surata düşürilip başlandy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kinoçylarynyň bilelikdäki taslamasynda öňki Sowet Soýuzynyň halklarynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky edermenligi wasp edilýär. Bu barada «MIR 24»-iň habarçysy Polina Babuk gürrüň berýär.

Filmi döredijiler 1944-nji ýylyň ahyrynda bolup geçen hakyky wakalary görkezýärler. Şonda garşydaş güýçleriň artykmaçdygyna garamazdan, 11 sany sowet aňtawçysyndan ybarat topar Latwiýadaky 144-nji Belentligi mertlerçe gorapdyr. Şunlukda, Gyzyl Goşuna bu ugurda ýeňiş gazanmaga mümkinçilik döräpdir.

Aktýorlary uzak gözlemeli bolupdyr. Surata alnyş toparyna gahryman – aňtawçylara diňe bir daşky keşpleri meňzeş bolman, ruhy taýdan hem golaý aktýorlary gözlemek gerek bolupdyr. Ahyry film köp milletli boldy: aktýorlaryň hataryna Russiýadan, Belarusdan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan hem kinoçylar goşuldy. Olar öz janlandyrýan gahrymanlarynyň terjimehallaryny içgin öwrendiler, käbirleri başga dilde gürlemek üçin ýörite hünärmenler bilen türgenleşdiler.

Ýeri gelende aýtsak, bu filmde biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň at gazanan artisti, zehinli teatr we kino aktýory Döwletgeldi Berdiýew edermen türkmen esger ýigidi Nazaryň keşbini janlandyrýar. Ol metbugata beren beýanatynda Beýik Watançylyk urşuna atasynyň gatnaşandygyny, onuň frontda mertlerçe söweşip ýaralansa-da, ýene jeň meýdanyna meýletin dolanandygyny, şonuň üçin filmde çykyş etmegiň öz atasynyň, ähli türkmen ýigitleriniň beýik gahrymançylyklaryny sarpalamagyň nyşany hökmünde aýratyn gymmatlydygyny gürrüň berdi (Siz aktýoryň bu söhbetdeşligine “smolevichi – 24.by” internet neşirinde tomaşa edip bilersiňiz).

Surata alnyş işlerine girişilmänkä, toparyň agzalary «Diriler we ölüler», «Bu ýeriň şapaklary asuda», «Ýollardaky barlag», «20 gün uruşsyz» ýaly nusgawy filmlere tomaşa edip ylham aldylar. Aktýorlar ol filmlerdäki artistleriň keşp döredişlerini, operatorlar we režissýorlar kameranyň hereketini hem-de filmleriň gurluşyny öwrendiler.

Filmiň surata alnyş işleri Belarusuň dürli künjeklerinde geçer.