Turkmenportal logo
26.05.26
2182221822
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri Kazan şäherinde geçirilen maslahatda sport lukmançylygy ugrundaky tejribelerini tanyşdyrdylar

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary 21-22-nji maýda Kazan şäherinde geçirilen «Sport lukmanlarynyň Kazan kluby» atly V her ýylky bütinrussiýa ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar. Türkmen hünärmenleri kärdeşleri bilen sport lukmançylygy ugrundaky toplan tejribelerini we bilimlerini paýlaşdylar.

Maslahat Kazan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Fizioterapewtleriň we reabilitologlaryň halkara federasiýasynyň goldawy bilen Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetiniň binýadynda geçirildi.

Çäre sport lukmançylygy ulgamynda anyklaýyş we bejeriş işlerinden başlap, reabilitasiýa hem-de türgenleriň saglygyny uzak möhletli gorap saklamaga çenli hünär derejesindäki dialogy we iň gowy tejribeleri alyşmagy guramak maksady bilen lukmanlary, alymlary, tälimçileri we reabilitologlary bir ýere jemledi.