Turkmenportal logo
Şu gün 13:31
21072107
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Italiýa Respublikasynyň 80 ýyllygy mynasybetli «Festa della Musica» konserti geçiriler

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» konserti geçiriler.

Çäräni Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraýar. Aýdym-saz baýramy iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde her ýyl geçirilýär.

Konsertde italiýaly soprano Zoe Papas çykyş eder. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrine dirižýor Rasul Gylyjow ýolbaşçylyk eder.

Konsertiň başlanýan wagty — sagat 19:00. Giriş mugt: biletleri Magtymguly adyndaky teatryň kassasyndan alyp bolýar.