Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuw guraldy. Bu okuw işgärleri taýýarlamak ulgamynda baglaşylan Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany ýerine ýetirmegiň çäginde, 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki okuwlaryň Meýilnamasyna laýyklykda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň tertibine bagyşlanan bu okuw iki ýurduň gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň wekillerinden, professor-mugallymlaryndan daşary Taraplaryň gümrük tölegleri bölümleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda gatnaşyjylar harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar. Şunda, milli tejribede ulanylýan usullar we çäreler gözden geçirildi, şeýle hem halkara ülňülerini nazara alyp, bu ugurda häzirki döwrüň möhüm meseleleri we olaryň çözgütleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda harytlary bahalandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmäge, amallaryň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga hem-de hünärmenleriň hünär derejesini ösdürmäge aýratyn üns berildi.