Şu gün Türkmenistanda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtyň Bagtyýarlyk hem-de Berkararlyk etraplarynda özünde ähli amatlyklary jemleýän köp gatly we kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Berkararlyk etrabynyň çäginde 1 sany 5 gatly 60 öýli hem-de 1 sany 5 gatly 80 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslendi. Şäheriň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda bolsa Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli birbada iki gatly 5 otagly 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy boldy. Munuň özi ýurtda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Täze öýleriň açarlaryny buýsanç bilen kabul eden maşgalalar şeýle bagtyýarlygy bagyş eden türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Prezidentine egsilmez alkyş sözlerini aýtdylar.
Açylyş dabaralary medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly joşgunly çykyşlary netijesinde ýokary ruhubelentlige eýe boldy.