Turkmenportal logo
Düýn 22:44
15901590
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident: Gurban baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenilmelidir
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş alynan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda  agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Ýurtda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek we ýetişdirilen pile hasylyny degişli kärhanalara tabşyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem degişli welaýatlarda şaly ekişi dowam edip, bu möwsümi bellenilen möhletde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, welaýatlarda çagalaryň tomusky dynç alşy möwsümine we mukaddes Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabatlar berildi.  

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi, ýetişdirilen galla oragy möwsümine guramaçylykly girişilmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ýazlyk ekinlere talabalaýyk ideg edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine hem-de mukaddes Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.