Turkmenportal logo
Düýn 21:20
24042404
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Gyrgyzystanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Madmarowyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini bellediler. Hususan-da, döwletara dialogy berkitmekde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle-de iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän bilelikdäki çäreleri geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy diýlip, habarda bellenilýär.