Turkmenportal logo
Şu gün 18:04
49734973
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Täze Aý» «Ak şäherim Aşgabat – 2026» sergisinde önümleriniň giň görnüşi bilen tanyşdyrdy

«Täze Aý» kompaniýasy türkmen paýtagtynyň 145 ýyllygyna bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV halkara köpugurly sergä gatnaşdy. Giň gerimli çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilip, döwlet we hususy pudaklaryň wekillerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryny bir ýere jemledi.

«Täze Aý» kompaniýasy öz diwarlygynda şöhlat et önümlerini, süýt  we dondurma önümlerini, ýarym taýýar et önümlerini, konditer (şokolad, köke) öz içine alýan önümleriniň giň görnüşi bilen tanyşdyrdy. Sergä gatnaşyjylar brendiň meşhur önümleri bilen tanyşmaga, olaryň hiline baha bermäge hem-de kompaniýanyň işiniň täze ugurlary barada maglumat almaga mümkinçilik aldylar.

Sergi diwarlygynda häzirki zaman önümçilik usullaryna, çig malyň hiline we önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Şeýle hem sergide kompaniýa azyk önümçiligi we gaýtadan işlemek ulgamyndaky gazanan üstünliklerini görkezýär.

«Biziň üçin «Ak şäherim Aşgabat» sergisine gatnaşmak köpýyllyk zähmetimiziň netijelerini görkezmäge we önümlerimizi giň köpçülige tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Biz önümçiligi yzygiderli giňeldýäris, täze tehnologiýalary ornaşdyrýarys hem-de sarp edijilere ýokary hilli we elýeterli önümleri hödürlemäge çalyşýarys» — diýip, «Täze Aý» kompaniýasynyň wekili aýtdy.

«Täze Aý» kompaniýasy Türkmenistanyň azyk bazarynda 20 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar. Kompaniýa 2004-nji ýylda birnäçe iri kärhananyň birleşmeginiň netijesinde döredilip, häzirki wagtda ýurduň öňdebaryjy azyk öndürijileriniň birine öwrüldi. Häzirki wagtda kompaniýalar topary şöhlat we süýt önümleri, ýarym taýýar et önümleri, konditer önümleri ýaly ýüzlerçe görnüşli önümleri öndürýär.

2025-nji ýylda kompaniýa Mary welaýatynda mal we balyklar üçin utgaşykly iýmleri öndürýän kärhanany hem işe girizdi. Bu bolsa onuň iş ugurlaryny giňeldip, Türkmenistanyň agro-senagat pudagyndaky ornuny has-da pugtalandyrdy.