«Senagat Tehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV Halkara köpugurly sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrdy. Kompaniýa aýna süýüminden taýýarlanan önümleri, gurluşyk pudagy üçin niýetlenen kompozit armaturalary, şeýle hem dürli maksatly kompozit torlary görkezdi.

Sergä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni kärhananyň täze işläp taýýarlan önümi — kompozit aýnaplastik profilleri çekdi. Kompaniýa bu önümleri ilkinji gezek giň jemgyýetçilige hödürledi. Häzirki wagtda kärhana olaryň geljekde köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak mümkinçiligine seredýär.
Kompaniýanyň wekiliniň sözlerine görä, sergä gatnaşmak içerki önümçiligiň mümkinçiliklerini we häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalaryny görkezmek üçin möhüm meýdança boldy.

«Şu gün gurluşyk pudagy uzak möhletleýin ulanmaga çydamly, ýeňil we poslama garşy durnukly materiallara mätäçlik çekýär. Şol sebäpli biz kompozit önümleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýäris. Sergide görkezilen aýnaplastik profiller kompaniýamyz üçin täze ugur bolup durýar we geljekde olaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýäris» — diýip, «Senagat Tehnologiýalary» kompaniýasynyň wekili belledi.