Turkmenportal logo
Şu gün 15:21
32313231
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ulan-Udedäki ýol-ulag hadysasy üç adamyň ömür tanapyny kesdi
Surat: mir24.tv

24-nji maýda Burýatiýanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy Ulan-Ude şäheriniň Sowet etrabynda dörän ýol-ulag hadysasynda üç adamyň gurban bolandygyny habar berdi. 37 ýaşly ulag sürüjisi dolandyryşy başarman, ýoldan çykypdyr hem-de agyp, Sosial köçesindäki ýaşaýyş öýüne urlupdyr diýip, «MIR 24» ýazýar.

Netijede, sürüjiniň özi hem-de iki ýolagçy pida bolupdyr. Ýene iki ýolagçy agyr ýagdaýda lukmançylyk edarasyna ýerleşdirilipdir. Öýdäki zenan ejir çekmändir.