Turkmenportal logo
Şu gün 14:29
37873787
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistany jokrama yssy basdy: kölegede 45 dereje
Surat: mir24.tv

Hindistany jokrama yssy güpbasdy etdi: ýurduň demirgazygynda, şeýle hem merkezi we gündogar sebitlerinde howanyň derejesi kölegede 45 gradusy görkezýär diýip, «MIR 24»-iň habarçysy Alekseý Židkih gürrüň berýär.

Mekdepler ýapyldy, hassahanalarda Gün urmasyny bejermek üçin ýörite bölümler döredildi, häkimiýetler bolsa Günüň astynda uzak bolmagyň howpludygy barada duýduryş ýaýratdy.

Delide «serginlediş zolaklary» diýilýän onlarça künçler döredildi. Olara, esasan, köçede işleýänler we syýahatçylar barýarlar. «Bu ýerde oturgyçlar, onlarça elpewaç we suw gaplar bar. Adamlar bu ýere syýahat wagty gelýärler» diýip, raýat goragynyň meýletinçisi Anurag Singh gürrüň berýär.

Paýtagtyň ýaşaýjylaryny teşnelikden bambuk şiresi goraýar. Köçelerde bu içgini taýýarlaýan nokatlar bar.

Köçeleri häli-şindi suwlaýarlar, ýerli adamlar diňe kölegede ýörejek bolýarlar, saýawan, başgap şäherde iň geçginli harytlara öwrüldi. Serginledijiler sebäpli elektrik togunyň sarp edilişi birnäçe esse ýokarlandy.

Hindistanyň Meteorologik edarasynyň çaklamasyna görä, jokrama yssy azyndan 26-njy maýa çenli dowam eder.