Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Gutlag hatyny iberdi.
«Report» agentliginiň habar bermegine görä, Gutlagda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösýän Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi uly kanagatlanma bilen bellenilýär. Şeýle-de özara gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösjekdigine we pugtalanjakdygyna ynam bildirilýär.
Gutlagyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Prezidentine berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler, doganlyk Azerbaýjanyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýär.