Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Ali ibn Sina adyndaky halkara baýrak esaslandyryldy diýip, «Belta.by» habar berdi.
Ýurduň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlangyjy we karary esasynda döredilen baýrak täjik halkynyň beýik ogly Ibn Sinanyň saglygy goraýyş ulgamyna hem-de lukmançylyk ylmynyň ösüşine goşan goşandynyň halkara derejede ykrar edilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
Başlangyç lukmançylyk ylmynyň we halkara saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegine ýardam berer diýlip garaşylýar. Baýrak bilen diňe bir täjigistanly ussat lukmanlar däl-de, daşary ýurtly görnükli hünärmenler hem sylaglanar.