Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň 80-nji sessiýasynyň resmi resminamasy hökmünde gün tertibiniň 126-njy «Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we beýleki guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk» diýen bendine laýyklykda, A/80/722 indeksi bilen çap edildi we ýaýradyldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Bu resminamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde ýaýradylmagy Türkmenistanyň GDA giňişliginde netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem köptaraplaýyn özara hereketleriň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň ýörelgelerini öňe sürmek boýunça yzygiderli alyp barýan işlerini şöhlelendirýär.
Konsepsiýa Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda syýasy-diplomatik gepleşikleri güýçlendirmegi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, ulag-üstaşyr baglanyşygyny, energetika hyzmatdaşlygyny, ynsanperwer gatnaşyklary we medeni alyş-çalyşlary ösdürmegi öz içine alýar.
Resminamada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny we usullaryny kämilleşdirmek, şeýle hem durnukly ösüşi üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ugrunda GDA bilen BMG-niň ulgamynyň arasyndaky özara hereketleri giňeltmek meselelerine aýratyn üns berilýär.