Turkmenportal logo
Şu gün 12:28
33873387
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Bulut» Aşgabadyň 145 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergide özüniň önümçilik kuwwatyny görkezýär

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň paýtagtynyň 145 ýyllyk ýubileýine gabatlanyp geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisine gatnaşýar. Bu giň gerimli çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilip, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, işewürlik we senagat ulgamynyň wekillerini bir ýere jemleýär.

Ýurdumyzda guralýan iri halkara çärelere yzygiderli gatnaşýan kompaniýa şu gezekki sergide hem özüniň kuwwatyny we harytlarynyň giň görnüşlerini ýene bir gezek tanyşdyrýar. «Ak Bulut» HJ-niň diwarlygy sergä gelýän myhmanlaryň, şol sanda işewür toparlaryň, ugurdaş guramalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň aýratyn ünsüni çekýär.

Kompaniýanyň sergi bölüminde kärhananyň önümçilik mümkinçiliklerini, işewürligi ösdürmekdäki döwrebap çemeleşmelerini hem-de innowasiýalary ornaşdyrmaga bolan ymtylyşyny beýan edýän dürli önümler we çözgütler görkezilýär. Bu sergä gatnaşmak «Ak Bulut» üçin işewürlik gatnaşyklaryny berkitmek, tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlary bilen geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmak babatda nobatdaky amatly mümkinçilige öwrüldi.

« “Ak şäherim Aşgabat” sergisi bize önümlerimizi görkezmäge, pudakdaky kärdeşlerimiz bilen duşuşmaga we hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşmaga şert döredýär. Şeýle forumlaryň her biri işewürligi ösdürmek üçin täze gapylary açýar. Paýtagtymyzyň 145 ýyllyk şanly baýramyna gatnaşmak bolsa biziň üçin aýratyn hormatdyr» diýip, «Ak Bulut» kompaniýasynyň wekili belledi.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisi 24-25-nji maý aralygynda geçirilip, ol senagat, tehnologiýalar, arhitektura, telekeçilik hem-de şäher infrastrukturasyny durnukly ösdürmek ulgamyndaky gazanylan üstünlikleri şöhlelendirmäge gönükdirilendir.