Turkmenportal logo
Şu gün 12:14
41834183
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«NesilCoffee» «Ak şäherim Aşgabat» sergisinde kofe önümlerini tanyşdyrdy

«NesilCoffee» türkmen kompaniýasy Türkmenistanyň paýtagtynyň 145 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisine gatnaşýar. Öndüriji forumyň çäklerinde içerki bazar bilen bir hatarda, eksporta niýetlenen kofe we çaý önümleriniň giň görnüşlerini tanyşdyrýar.

Kompaniýanyň diwarlygynda dürli görnüşli däneli kofeler, sublimirlenen çalt taýýarlanýan kofeler, «3-si 1-de» görnüşli premium içgiler, çaý önümleri, şol sanda «Karak Tea», şeýle hem kafeler, restoranlar we ofisler üçin professional teklipler görkezilýär. Kärhana önümleriniň durnukly tagam aýratynlyklaryna we ýokary hilli çig malyň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri önümçiligiň ähli tapgyrlarynda döwrebap enjamlaryň we hile gözegçilik edýän tehnologiýalaryň ulanylýandygyny, munuň bolsa häzirki zaman bazarynyň talaplaryna doly laýyk gelýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýändigini belleýärler.

« “Ak şäherim Aşgabat” sergisine gatnaşmak — biziň brendlerimizi tanyşdyrmak, hyzmatdaşlarymyz bilen tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin örän gowy mümkinçilikdir. Biz ýokary hilli kofe önümlerine bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny görýäris hem-de geljekde içerki we daşarky bazarlarda öz ornumyzy has-da giňeltmegi maksat edinýäris» diýip, «NesilCoffee» kompaniýasynyň wekili belledi.

Kompaniýa ozal «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisine hem gatnaşyp, onda öndürýän içgilerini we jemgyýetçilik iýmiti pudagy üçin çözgütlerini tanyşdyrypdy. Forum Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň 80-e golaý kompaniýasyny bir ýere jemledi.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisi işewürlik, senagat, söwda we innowasiýa pudaklarynyň wekillerini bir ýere jemläp, täze taslamalary tanyşdyrmak hem-de işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär.