Turkmenportal logo
Şu gün 11:37
52455245
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daniýanyň kenarýakasyndaky läheňiň läşi alymlary biynjalyk edýär
Surat: rg.ru

Daniýanyň kenarýaka suwlarynda Timmi lakamly läheňiň (kitiň) läşi islendik pursatda ýarylyp biler diýip, läheňleri öwreniji alymlar biynjalyk bolýarlar. «Läheňiň içki basyşy barha artýar we jandaryň läşi islendik wagtda güýçli ýarylyp biler» diýip, Halkara kit awlaýjy toparyň ylmy geňeşiniň (IWC) agzasy Fabian Rittere salgylanýan «Dpa» agentligi habar berdi. Biolog bu ýagdaýyň gutulgysyzdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Fabian Ritter şeýle hem şeýle wakalaryň öňem bolandygyny aýtdy. Mysal üçin, 2004-nji ýylda Taýnan şäheriniň günortasynda kaşalodyň läşi äkidilip barylýarka, partlapdyr.

Alym partlamanyň töwekgelçiligini azaltmak üçin läşi deşmegi ýa-da üstüni ýapmagy maslahat berdi. Emma Timmi bilen bagly ýagdaýda bu işe irräk ýapyşmagyň gerek bolandygyny, sebäbi onuň läşiniň eýýäm mazaly çişendigini belledi.

Timmi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda 14-nji maýda tapyldy. Soňra onuň martyň aýagynda Baltika deňziniň nemes kenarýakalaryna özüni zyňan läheňdigi belli boldy. Deňiz süýdemdirijisini bir aý töweregi wagt soňra halas edijiler Demirgazyk deňzine getiripdirler. Daniýanyň häkimiýetleri läşi şu hepdede gury ýere çykarmaga synanyşjakdyklaryny habar berdiler diýip, «rg.ru» ýazýar.