Şweýsariýada 14-nji iýunda «10 millionlyk Şweýsariýa bolup bilmez!» diýen başlangyç boýunça ilatyň sanyny çäklendirmek barada sala salşyk geçiriler, onda ýurduň ilat sanyny çäklendirmek göz öňünde tutulýar diýip, TASS habar berýär.
Şweýsariýanyň Hökümetiniň metbugat habarnamasynda şeýle başlangyjyň kömegi bilen, konfederasiýanyň hökümetiniň ilatyň sany 9,5 milliona ýetäýen halatynda we 2050-nji ýyla çenli immigrasiýa ulgamyndaky syýasaty üýtgetmegi göz öňünde tutýandygy beýan edilýär. Ilatyň sanynyň azaltmak üçin Şweýsariýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen erkin hereket etmek boýunça ylalaşyklary, şeýle hem Şengen maksatnamasyna gatnaşmagyny bes etmek ýaly çäreler hem göz öňünde tutulýar.
Ýurtdaky «Leewas» kompaniýasynyň aprelde geçiren pikir soraşmasyna görä, ýurduň ýaşaýjylarynyň 52 göterimi ilat sanyny 10 milliona çenli azaltmak barada çykyş etdiler.