Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy döwletiň berkararlygy, halkyň bagtyýarlygy ugrundaky belent maksatlaryň myrat tapýan mekanyna öwrülen Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanyň merkezi bolan Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda: «Islendik ýurduň baş şäheri köp babatda onuň abraýyny kesgitleýär, paýtagtyň myhmanlaryna döwletiň durmuş-ykdysady ösüşine, jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşynyň derejesine baha bermäge mümkinçilik döredýär. Türkmen topragynyň gözel künjeginde — keremli Köpetdag bilen sahawatly Garagum sährasynyň arasyndaky giňişlikde kemala gelen Aşgabat şäheriniň şöhratly taryhy, baý geçmişi bar. Bu ýerler beýik medeniýetleriň dörän we kämilleşen, pajarlap ösen ojagydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak şäherimiz gözelligiň, ajaýyplygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde giňden ykrar edilýär. Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyzy ösdürmegiň şähergurluşyk konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwrülýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gözelligiň nusgasy, döwrebap şäher Aşgabadyň gününi baýram etmegiň çäginde «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň guralmagy, ýurdumyzda okuw ýylynyň tamamlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilmegi bu şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Munuň özi baş şäherimiziň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny dabaralandyrmakda, ýaşlarda eziz Watanymyza, onuň paýtagtyna çäksiz söýgini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyzda amala aşyrylýan gurluşyklaryň, bina edilýän belent-belent ymaratlaryň binagärlik keşbi milli däp-dessurlar bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň täsin sazlaşygyny emele getirip, döwrüň galkyndyryjy ruhuny dabaralandyrýar. Täze taryhy döwürde merjen şäherimizi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň baş maksady Aşgabady sebitiň we dünýäniň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň birine öwürmekden, adamlaryň durmuşynyň hem-de zähmet çekmeginiň, dynç almagynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmekden ybaratdyr. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakynda aladanyň aýdyň nyşany bolan bu işler ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda egsilmez buýsanç duýgusyny döredýär.
Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, ylym-bilimi ösdürmekde ýetilen sepgitler üçin bu guramanyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin paýtagtymyza halkara güwänamanyň berilmegi eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Aşgabadyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi bolsa, hormatly Prezidentimiz, Siziň giň gerimli sport özgertmeleriňiziň halkara derejede goldanylýandygyny görkezýär.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Aşgabat Bitarap döwletiň paýtagty hökmünde Ýer ýüzüniň çar künjeginden gelýän myhmanlary gujak açyp garşylap, parahatçylygyň we dostlugyň mekany hökmünde hem giňden tanalýar. Paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilmegi, yzygiderli geçirilýän halkara forumlar, sergiler, festiwallar, iri döredijilik we sport çäreleri, dünýä çempionatlary, sport bäsleşikleri halklary parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýaly asylly ýörelgeleriň daşynda jebisleşdirýär.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Sizi gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, Aşgabat şäherini we eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerini nusgalyk derejede gülledip ösdürmek babatda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýärin. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň merkezi ak mermerli paýtagtymyzyň döwrebap ösüşleri dowamat-dowam bolup, asyrlara ýaň salsyn!» diýip belleýär.