Turkmenportal logo
Şu gün 10:05
39443944
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 526 müň dollaryndan gowrak boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar. Bu barada TDH habar berdi.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 173 million 734 müň manada deň bolan binýatlyk ýagyny («Türkmennebit» döwlet konserni), pagta ýagyny, bugdaý ununy, çig ýüpegi satyn aldylar.