Turkmenportal logo
Şu gün 09:55
27982798
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çarwadarlaryň oýunlaryna 60-dan gowrak ýurt gatnaşjakdygyny habar berildi

Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlaryna 90-dan gowrak ýurduň gatnaşmagyna garaşylýar. Häzirki gün oňa gatnaşmakçydyklaryny 60-dan gowrak ýurt tassyklady, ýene 30 töweregi ýurduň tassyklamagyna garaşylýar.  Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet ministri Mirbek Mambetaliýew «Habar.kg» agentligine habar berdi.

Ministriň sözlerine görä, iki ýyl mundan öň Astanada geçen oýunlara 86 töweregi ýurt gatnaşypdy hem-de Bütindünýä oýunlaryna gyzyklanma ýylsaýyn artýar.

Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlary Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçer. Bu ýyl ýurduň «Habar» agentligi oýunlaryň halkara habarlar hyzmatdaşy hökmünde bellendi.