Bilim ministrliginiň berýän maglumatyna görä, şu okuw ýylynda Aşgabat şäheri boýunça uçurymlaryň 12 müň 851-si, Arkadag şäheri boýunça 237-si mekdep bilen hoşlaşýar. Ahal welaýaty boýunça 14 müň 337, Balkan welaýaty boýunça 8 müň 680, Daşoguz welaýaty boýunça 23 müň 798, Lebap welaýaty boýunça 23 müň 700-e golaý, Mary welaýaty boýunça 25 müňden gowrak okuwçy mekdebi tamamlap, uly durmuşa gadam basýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline, şeýle-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalaryna gül goýmak dabaralary guralýar.
Tamamlanan okuw ýylynda ýurduň mekdep okuwçylary halkara ders, taslama, internet hem-de «Altyn asyryň altyn zehinleri» döwlet bäsleşigine gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallaryň ençemesine mynasyp boldular. «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginde paýtagtly okuwçylaryň 64-si baýrakly orunlary eýeledi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen III Halkara matematika olimpiadasynda 21 okuwçy ýeňiji boldy. Gazanylan medallaryň 6-sy altyn, 8-si kümüş, 7-si bürünç medallardyr.
Adatça bolşy ýaly, orta mekdepleriň uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabaralary ýurduň welaýat merkezlerinde hem-de Aşgabatda, Arkadag şäherinde aýdym-sazlara beslenýär. Agşam bolsa paýtagtdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti köplere lezzet paýlar.