Turkmenportal logo
Şu gün 09:41
51915191
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly dabaralara beslenip bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Ak şäherimiz Aşgabat bu gün bedew batly ösüşleri, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylan täze binalary bilen dostlugyň hem-de myhmansöýerligiň asylly däplerini aýawly saklaýan şäher hökmünde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny görkezýär.

Aşgabadyň ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenip geçilmegi paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Her güni toýdur baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän, paýtagtymyzyň gözelligini, binagärlik taýdan döwrebaplygyny şöhlelendirýän dabaralar, sergiler, dürli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň mekdeplerinde guralýan «Soňky jaň» dabarasy bilen utgaşýar. Baýramçylyklaryň goşalanyp gelmegi bolsa hoşniýetliligiň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň nyşanydyr. Munuň özi paýtagtymyza, ýaşlarymyza, Watanymyza bolan söýgini has-da artdyrýar.

Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz dürli çäreleriň, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Olara dünýäniň onlarça ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, wekiller, syýasatçylar, iri kompaniýalaryň, firmalaryň ýolbaşçylary we beýleki işewürler işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi soňky ýyllarda dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistana, ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna, şeýle hem bu guramanyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi dürli syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmekde, şeýle hem şäheriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gözel paýtagtymyzyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmündäki abraýy-da barha artýar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini dabaralandyrýar.

«Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän, türkmenistanlylaryň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklara gabatlanyp, baş şäherimizde dürli maksatly desgalary we ýaşaýyş jaýlaryny açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagtynda şeýle maksatly desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Watanymyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabadyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ajaýyp binagärlik keşbi bütin halkymyzyň buýsanjydyr, döredijilik kuwwatynyň aýdyň görkezijisidir. Aşgabat dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha berkidýär. Biz berkarar Watanymyzyň ýüregi Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde-de dowam etdireris» diýip belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda watandaşlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösüşiň, döredijiligiň, rowaçlygyň, ak arzuwlaryň şäherine öwrülen gözel paýtagt Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw edýär.