Turkmenportal logo
Şu gün 09:40
16281628
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara maslahaty dowam edýär

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň ikinji güni ýurduň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda pikir alyşmalar görnüşinde geçýär. Gurluşyk, senagat we energetika ministrleri urbanistika, önümçilik hem-de sanly tehnologiýalar ulgamyndaky strategik başlangyçlary hödürlärler.

Maksatnama üç sessiýany öz içine alýar. Akylly şäher gurluşygy we kämil gurluşyk çözgütleri baradaky pikir alyşmany gurluşyk we binagärlik ministri A.Geldiýew açar. Awtomobil ýollary ministri H.Kerimow bolsa esasy ýollaryň we ulag geçelgeleriniň gurluşyk meýilnamalaryny tanyşdyrar. Sessiýanyň çykyş edijileriniň arasynda «Inros Lackner SE», «Todini Costruzioni Generali», «MARINI Makina», «Changsha Zoomlion», «Zaha Hadid Architects» we «Intermontaž» kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Ikinji bölümçedäki pikir alyşmalar gurluşykdaky üpjünçilik zynjyryna bagyşlanar. Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri T.Nurow hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy R.Myradow «Daewoo Engineering», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi Corporation», «PETRONAS Carigali», «Toyo Engineering» we «Air Liquide Global» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde çykyş ederler.

Jemleýji sessiýa akylly şäher üçin energiýa netijeliligine we sanly ulgamlara gönükdiriler. Esasy hasabat bilen energetika ministri A.Saparow çykyş eder.

Jemleýji sessiýa energiýa netijeliligine ünsi çeker. Energetika ministri we IRENA-nyň baş direktory Fransis la Kamera durnukly energetika ulgamlaryna geçişi «Siemens Energy», Aziýa ösüş banky, «Baker Hughes», «Bitdeer Technologies» we «SODIPP International» kompaniýalarynyň bilermenleri bilen ara alyp maslahatlaşarlar. Alyp baryjylar hökmünde halkara guramalaryň hünärmenleri çykyş ederler.

Sergi «Binagärlik. Innowasiýalar. Durnukly ösüş» şygary astynda geçýär we Türkmenistanyň paýtagtynyň gününe bagyşlanýar.