Turkmenportal logo
Düýn 22:58
79437943
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Ukrainanyň DIM-niň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça wekili bilen gepleşik geçirildi
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

​Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

​Taraplaryň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn görnüşde, hem-de halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy.